3-4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 17-nji sammiti geçirildi. Bu barada guramanyň sekretariaty habar berdi. “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-niň täze garaýşy” atly şygar bilen guralan sammite Azerbaýjan, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Owganystan ýaly YHG-ä agza 10 döwletiň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy.
Sammitiň gün tertibi söwdany giňeltmek, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ulag koridorlaryny ösdürmek we institusional kada-kanunlary güýçlendirmek ýaly meseleleri öz içine aldy. Sammite gatnaşyjylar energiýa, ylym, bilim, syýahatçylyk we inklýuziw ösüş boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Çärä gatnaşyjylar, sammitiň netijeleriniň ÝHG-ä agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler. YHG-niň indiki sammitiniň 2027-nji ýylda Eýranda geçiriljekdigi mälim edildi.
1964-nji ýylda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan esaslandyrylan Ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk atly gurama häzirki adyny 1985-nji ýylda aldy. YHG sebitinde 460 million adam ýaşaýar. Onuň meýdany 8 million inedördül kilometrden geçip, demirgazyk bilen günortany, günorta, gündogary günbatar bilen, Aziýany Ýewropa bilen Ýewraziýany arap dünýäsi bilen birleşdirýär. YHG-niň agzalary Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan. YHG-de synçy statusy beýleki sebit ýa-da halkara guramalar, döwletler we institutlar üçin açykdyr. Häzirki wagtda YHG-niň synçylary: Türki döwletleriniň guramasy (2014-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri) we Halkara energetika hartiýasy (2017-nji ýylyň fewral aýyndan bäri).