Deňiz pişikleriniň üç görnüşi ýitip ýok bolup barýan görnüşleriň Gyzyl sanawyna girizildi. Olaryň ýaşaýşyna howp abanýandygy habar berilýär. Munuň sebäbi howanyň global derejede üýtgemegi hem-de deňiz buzluklarynyň eremegi diýlip, Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşiginiň (IUCN) beýanatynda bellenilýär. Sanawda Arktikada ýaşaýan düwlenleriň alty görnüşi bar.