Hytaýyň Şençžen şäherinde “Zaha Hadid Architects” býurosynyň taslamasy esasynda ylym we tehnologiýa muzeýi açyldy. Täze muzeýiň umumy meýdany 128 müň inedördül metre barabar bolup, ol diňe täsin binagärlik desgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm ylym-bilim merkezine öwrüler. Muzeýdäki aýna diwarlar sergi zallaryny tebigat bilen aýdyňlaşdyrýar. Bina 2 reňkli poslamaýan polatdan ýerine ýetirilip, ol ýurtda ilkinji gezek şeýle masştabda ulanylan tehnologiýadyr. Muzeýiň 6 müň inedördül metrini teatrlar we kinoteatrlar, şeýle hem okuw edaralary, 5,4 müň inedördül metre golaýyny bolsa innowasion merkez we barlaghanalar eýeleýär. Mundan başga-da hemişelik we wagtlaýyn ekspozisiýalar 35 müň inedördül meýdany tutýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.