Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.
Häzirki döwürde bilim ulgamynyň ösüşine we kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 17-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanmagy bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu Strategiýada, aýratyn-da, ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalaryna we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, demografiki görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine hem-de ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallaryny ornaşdyrmak, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar we emeli aň arkaly bäsleşige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki zaman dünýäsi yzygiderli ösüş, tehnologik täzelikler we maglumat alyş-çalyş ulgamynyň giň gerim almagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu ösüşleriň merkezinde bolsa ylym bilen bilim durýar. Ylym tebigatyň we jemgyýetiň kanunalaýyklyklaryny öwrenýän ulgam bolsa, bilim adam akyl-paýhasyny ösdürýän we jemgyýetiň intellektual derejesini ýokarlandyrýan möhüm güýçdür.
Jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendirijisi bolan ylmyň ähmiýeti birnäçe ugurda aýdyň görünýär:
1. Tehnologik ösüş. Ylym we innowasiýa täze tehnologiýalaryň döredilmegine mümkinçilik döredýär. Informatika, biotehnologiýa, energetika ýaly ugurlardaky üstünlikler ykdysadyýetiň ösüşine uly itergi berýär.
2. Saglygy goraýyş taýdan öňegidişlik. Ylmyň ösüşi arkaly täze dermanlar, bejeriş usullary we keselleri anyklamak serişdeleri işlenip düzülýär. Bu bolsa adam ömrüniň uzalmagyna we saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
3. Howpsuzlyk we durnuklylyk. Ekologiýa, howa şertleriniň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy ýaly meseleleriň çözgüdi hem ylmy barlaglara esaslanýar.
Bilimiň jemgyýete täsiri. Bilim ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeldýän, täze ukyplary ýüze çykarýan we ösüşe eltýän güýçdür.
1. Adam maýasynyň ösüşi. Bilimli raýatlar ykdysadyýetiň kämilleşmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we üstünlikleriň gazanylmagyna goşant goşýarlar.
2. Medeniýetleriň ösüşi. Bilim jemgyýetiň medeni derejesini ýokarlandyrýar, döredijilik we milli gymmatlyklara hormaty pugtalandyrýar.
3. Innowasiýa mümkinçilikleri. Innowasiýa bilimli, döredijilikli nesiller tarapyndan kemala gelýär. Okuw ulgamy diňe maglumat bermän, eýsem, pikirlenmegi hem ösdürýär. Ylym bilen bilim biri-birine dahylly ulgamlar bolup, olaryň arasyndaky baglanyşyk jemgyýetiň ösüş depginini kesgitleýär.
Ylym we bilim häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm sütünleridir. Ýurdumyzyň durnukly ösüşini, ykdysady we medeni gülläp ösüşini üpjün etmekde olaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek, ylmy barlaglary goldamak, ýaşlary döredijilikli hem-de innowasiýa ugurly taýýarlamak häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biridir.
Miwe ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
PDF









