Hormatly Prezidentimiziň «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýşi ýaly, il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalary goldanylýar we bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen
ÝUNISEF-iň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 4 ýyl dolýandygy, şu döwürde bu düzüm tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna kömek-goldawlaryň berlendigi, ýurdumyzda köp sanly mätäç çagalaryň gaznanyň hasabyna bejergi alandygy barada aýdyldy. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň beýanydyr.
Ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Munuň özi ynsan saglygynyň goralmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mynasyp goşandy bardyr. Gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Bu şanly senede duşuşyklar, sergiler, okuw maslahatlary we dürli dabaralar guralar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilen pursadyndan bäri ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen çäreler toplumyny amala aşyryp gelýär. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna hem yzygiderli kömekleriň berilmegi ynsanperwer ýörelgeleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jemgyýetiň saglygyny gazanmak bilen döwletiň binýadyny berkitmek babatda edýän aladalarynyň we bitirýän nusgalyk işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi biz – saglygy goraýyş işgärlerinde uly buýsanç döredýär. Biz halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda edýän hossarlyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we mertebesi belent döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.