ABŞ-nyň Awia­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) kos­mo­syň gur­lu­şy­ny we Gün ul­ga­my­nyň da­şyn­da­ky pla­ne­ta­la­ry öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­la­nan has kä­mil «Nancy Grace Ro­man» at­ly kos­mos te­les­ko­py­ny uçur­dy. Flo­ri­da­da­ky Ken­ne­di kos­mod­ro­myn­dan «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Falcon Heavy» ra­ke­ta­sy bi­len uçu­ry­lan te­les­kop 3 aý­dan soň­ra 1,6 mil­li­on ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky or­bi­ta­sy­na ba­ryp ýe­ter. Te­les­ko­pyň «gör­ýän» çä­gi­niň «Hubb­le» we Jeýms Webb te­les­kop­la­ryn­dan 100 es­se giň­di­gi bel­le­nil­di. Mis­si­ýa­nyň çäk­le­rin­de Gün ul­ga­my­nyň da­şyn­da­ky pla­ne­ta­la­ryň we beý­le­ki as­man ji­sim­le­ri­niň kar­ta­sy­nyň çy­ka­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Bu bol­sa, müň­ler­çe tä­ze pla­ne­ta­nyň açyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer.
NA­SA-nyň ylym mü­dir­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Ni­ki Foks met­bu­gat ýyg­na­gyn­da bu te­les­kop ar­ka­ly 100 mü­ňe go­laý pla­ne­ta­nyň üs­tü­ni aç­ma­gy meýilleşdirýändiklerini we «Biz kos­mos­da ýe­ke­mi?» diýen so­wa­la jo­gap göz­len­jek­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem pla­ne­ta­la­ryň at­mos­fe­ra­sy­nyň öw­re­ni­lip, ýa­şa­ma­ga amat­ly­dy­gy ýa-da däl­di­gi anyk­la­nar.
«Ro­man» il­kin­ji su­rat­la­ry­ny gel­jek ýyl ug­ra­dyp baş­lar. Te­les­kop her gün 1,4 te­ra­baýt möç­be­rin­de mag­lu­mat ug­ra­dar. Bu mag­lu­mat­la­ryň sel­je­ril­me­gin­de eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan we meý­le­tin­çi alym­la­ryň gol­da­wyn­dan peý­da­la­ny­lar.
Te­les­ko­pa NA­SA-nyň il­kin­ji baş ast­ro­naw­ty, il­kin­ji ze­nan ast­ro­nawt­la­ryň bi­ri bo­lan Nen­si Greýs Ro­ma­nyň ady be­ril­di. Ro­man «Hubb­le» te­les­ko­py­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi­ne hem gat­na­şyp­dy.

Tyllagözel Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.