Hindi ummanynda ýerleşýän Maldiw adalary ak çägeli deňiz kenarlary, mawy deňzi, tropik howasy, onlarça kaşaň dynç alyş ýerleri, şeýle hem deňiz derejesinden beýikde bolmadyk tekiz adalary bilen owadan gözelligi emele getirýär. 298 inedördül kilometr meýdany tutýan Maldiw adalary Günorta Aziýanyň gury ýer meýdany boýunça iň kiçi ýurdy hasaplanýar. Ululy-kiçili 1200 adadan ybarat Maldiw adalarynyň 200-sinde ilat ýaşaýar. Ilaty 540 müň töweregi bolan Maldiw adalarynda 1972-nji ýylda ilkinji dynç alyş merkezi açylýar. Syýahatçylyk pudagynda täze syýahatçylyk mekany hasaplanýan Maldiwlere 50 ýyl bäri syýahatçy barýar. Maldiw adalaryna gaýykly ýa-da uçarly baryp bolýar. Adada restoranlaryň dürli görnüşi bolup, ýerli Aziýa naharlary, Ýewropa tagamlary, deňiz jandarlaryndan taýýarlanan iýmitler, tropik miwelerden içimlikler we işdäaçarlar taýýarlanylýar. Bulardan başga-da, Maldiw adalaryna baran syýahatçylara «Dört möwsüm» meýilnamasy hödürlenýär. Maldiw adalary tomusda syýahat edilmeli iň ajaýyp ýerleriň biridir. Maldiw adalaryna ýanyň bilen öý jandarlaryny eltmek gadagan edilýär.
Maldiw adalary ak çägeli kenarlary bilen meşhurdyr. Bu ýerdäki ak çägeler deňiz jandarlarynyň galyndylaryndan emele gelipdir. Şol sebäpli ak çägede aşa yssy howada hem aýakýalaňaç gezip bolýar. Maldiwler deňiz derejesi boýunça dünýäniň iň pes döwleti hasaplanýar. Adalaryň iň beýigi suwdan 2,5 metr ýokarda ýerleşýär. Howanyň ýylylygynyň üýtgeýändigine (28-32 dereje aralygynda) garamazdan, adalaryň kenaryndaky deňiz suwy ýylyň dowamynda 24 derejede saklanýar. Ýurduň kenarlary suwasty jandarlara baý bolup, adalaryň kenarynda deňiz jandarlarynyň köp görnüşi ýaşaýar. Deňizde 700-den gowrak görnüşli balyk, leňňeç we suw guşlarynyň birnäçesi bar. Şeýle hem ganatyny açanynda 1,5 metre ýetýän miwe ýarganaty ýaşaýar.
Adanyň esasy dili ýerli maldiw dili bolup, syýahatçylar bilen düşünişmek üçin iňlis dili ulanylýar. Ýurduň merkezi şäheri Male dünýäniň iň kiçi paýtagty we gür ilatly şäherleriniň biridir. Ada döwletiniň pul birligi maldiw rufiýasy bolup, bazarlarda, esasan, ter we kakadylan tropik miweler, deňiz jandarlarynyň gabygyndan ýasalan bezeg şaýlary we balygyň dürli görnüşleri satylýar.
PDF









