Geçen ýyl dünýäniň aeroportlarynyň ýolagçy gatnawy 9 göterim artyp, 9,5 milliard adama ýetdi. Bu barada Howa menzilleriniň halkara geňeşi (ACI) habar berdi. Bu görkeziji 2019-njy ýyldaky pandemiýa çenli derejeden, takmynan, 3,8% ýokary boldy. Dünýäniň iň köp gatnawly howa menzili (içerki we halkara gatnawlary hasaba almak bilen birlikde) ýene Atlantadaky «Hartsfild-Jekson» boldy. Aeroport 108,1 million ýolagça (2023-nji ýyldakydan 3,3 göterim köp) hyzmat etdi. Ikinji orny 2023-nji ýylda bolşy ýaly, Dubaý halkara howa menzili (92,3 million ýolagçy, 6,1%), üçünji orny Amerikanyň «Dallas/Fort Wort” howa menzili (87,8 million, 7,4%) eýeledi. Tokionyň “Haneda” howa menzili dördünji orna çykdy (85,9 million, 9,1%), Londonyň “Hitrou” howa menzili bäşinji orna düşdi (83,9 million, +5,9%).
Ondan soň Denwer, Stambul, Çikago we Nýu-Deli howa menzilleri gelýär. Şanhaýyň “Pudong” howa menzili (76,8 million ýolagçy, 41%) ilkinji onluga girip, bu sanawda has çalt ösüşi görkezdi. Çünki bu hawa menzili 2023-nji ýylda 21-nji orunda durýardy.
ACI-iň bellemegine görä, dünýädäki iň gowy 10 howa menzili dünýädäki gatnawyň, takmynan, 9%-ini (855 million ýolagçy) düzýär. Şeýlelik bilen, olar ýolagçylara 2023-nji ýyldakydan 8,8% köp, 2019-njy ýyldakydan 8,4% köp hyzmat etdi. Aeroportlar Geňeşi 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde ýolagçy gatnawynyň 4,8% artyp, 9,9 milliarda ýetjekdigini çaklaýar.
2024-nji ýylda howa gämileri arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 8,4% ýokarlanyp, 124 million tonna boldy. Bu 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 3,9% köpdür.
Geçen ýyl ýük daşamakda Gonkong howa menzili öňdeligi eýeledi (4,94 million tonna, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,1%). Bu ugurda Şanhaý ikinji (3,78 million tonna, 9,8%), Memfis hem üçünji (3,75 million tonna, 3,3% pes) boldy.
2024-nji ýylda uçarlaryň uçuşy we gonuşy, takmynan, 100 million bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan 2,6% az. ACI edarasy 170 döwletde 2,18 müň howa menzilini özüne birleşdirýär.