Ýurdumyzda sürüjileriň we ýol hereketine gatnaşyjy pyýadalaryň hereketiň kadalaryny doly we dogry berjaý etmekleri ugrunda uly işleri alyp barmakda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň örän uly paýy bar. Sebäbi islendik hereketiň hem hadysanyň kada laýyk ýerine ýetirilmegi we onuň ýerine ýetirilişine doly gözegçiligiň bolmagy bu ugurdaky päsgelçilikleri aradan aýryp, ony bütinleý howpsuz ýagdaýa getirýär. Ata Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli täze awtoulaglar yzygiderli satyn alynýar. Olaryň sany wagtyň geçmegi bilen barha artýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň öz işine ussat ýokary derejeli kämil hünärmenleri şol awtomobilleriň ýollarda kadaly hereketiniň alnyp barylmagynda möhüm iş alyp barýarlar. Ýollaryň durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Olar ýol hereketinde sazlaşygy gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişine bagly. Ýolda ýöremegiň medeniýetiniň doly we dogry berjaý edilmezligi ýa-da geleňsizlige salynmagy ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary sürmek, ýoluň pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerinden kesip geçmek ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip bilýän ýaramaz ýagdaýlardyr. Hormatly raýatlar we sürüjiler! Ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý edeliň!
Berdimyrat Durdyýew,
Tejen EPB-niň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.