Yragyň Nebit ministrligi ýurduň günortasyndaky Najaf welaýatynda, Saud Arabystany bilen serhetýakada ägirt uly nebit käniniň tapylandygyny resmi taýdan mälim etdi. Deslapky çaklamalara görä, bu ýerdäki “Kurnaýn” (Qurnain) meýdançasynyň diňe bir gözleg böleginde 8,8 milliard barrelden gowrak çig nebit gorlary jemlenendir. Bu açyş soňky döwürde Yragyň energetika pudagyndaky iň ähmiýetli wakalaryň biri hasaplanýar. Ýurduň nebit ministri Haýan Abdul Ganiniň Hytaýyň “ZhenHua Oil” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçiren resmi duşuşygynda habar berşi ýaly, gözleg guýusyndan, eýýäm, gije-gündizde 3248 barrel ýeňil nebit alynýar we hytaý tarapy taslamany gysga wagtda täjirçilik derejesine ýetirmek üçin çaltlandyrylan maýa goýum meýilnamasyny hödürledi.
Häzirki wagtda Bagdat tarapy ýurduň günortasyndaky Basra welaýatyny Siriýanyň serhedindäki Hadita şäheri bilen birleşdirjek, geçirijilik ukyby gündelik 2,5 million barrel bolan strategik nebit geçirijisiniň gurluşygyny hem çaltlandyrýar. Bu çäre Ýakyn Gündogardaky geosyýasy dartgynlyklar we dünýä bazaryna nebit daşalýan esasy ýol bolan Hormuz bogazyndaky bökdençlikler sebäpli, Yragyň eksport ukybyny durnuklaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Çünki sebitdäki durnuksyzlygyň netijesinde, ýurduň nebit eksporty we girdejileri azaldy. Mysal üçin, resmi maglumatlara görä, şu ýylyň mart aýynda nebit eksporty 18,6 million barrele, girdejiler bolsa 1,96 milliard dollara çenli peseldi (fewralda eksport 99 million barrelden gowrak, girdeji bolsa 6,81 milliard dollar bolupdy).
Mälim bolşy ýaly, Yrak subut edilen nebit gorlary boýunça dünýäde bäşinji orny eýeleýär. ABŞ-nyň Energetika maglumatlary müdiriýetiniň (EIA) bahalandyrmasyna görä, ýurduň nebit gorlary 145 milliard barrel töweregi bolup, bu görkeziji Ýakyn Gündogardaky umumy gorlaryň 17 göterimine, dünýädäki gorlaryň bolsa, tas 8 göterimine barabardyr. Täze açylan we umumy meýdany 8 müň 773 inedördül kilometr bolan “Kurnaýn” kaninde gözleg we çykaryş şertnamasy 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda gol çekilipdi we häzirki wagtda ol ýerde gözleg-buraw işleri Hytaýyň “Qurnain Petroleum Limited” (“ZhenHua” şärigi) kompaniýasy tarapyndan yrak tarapy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
PDF









