22-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldamakda oňyn tejribäniň bardygy beýan edildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi işinde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kesgitlenildi. Şol bir wagtda ysraýyl tarapy Türkmenistanda Ysraýylyň medeniýet günlerini gurnamakda gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleri ösdürmek üçin tagallalary gaýgyrmajakdyklaryny tassykladylar.