Ýol gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Niderlandlarda ýük daşamaga niýetlenen ýokary tizlikli ýol ulgamynyň gurulmagy maksat edinilýär. «Hyperloop» atly taslamanyň çäklerinde guruljak howasyz tunneliň içinden hereket edýän ulagyň tizligi sagatda müň kilometre golaý bolar. Howasyz ýerden ýöreýän bu otly sürtülmäniň örän azdygy sebäpli ýokary tizlik bilen hereket eder. Golaýda Niderlandlaryň demirgazygyndaky Groningen şäherinde «Hyperloop» tunneli synag maksady bilen açyldy. Bu ýerde häzire çenli geçirilen synaglaryň şowly netije berendigi mälim edildi. Indi bolsa, ýurduň paýtagty Amsterdam bilen port şäheri bolan Rotterdamyň arasynda şeýle ýoluň gurulmagy maksat edinilýär. Ilkinji nobatda, ýük gatnawy üçin peýdalanyljak ulgam geljekde ýolagçylaryň gatnadylmagynda hem ulanylar.
Bäşim Başimow,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.