Ýewropa Kosmos Agentliginiň (ESA) JUICE atly kosmos gämisiniň Gün ulgamynyň iň uly planetasyna syýahaty başlady. Fransuz Gwineýasyndaky kosmodromdan “Ariane 5” raketasy bilen uçurylan enjam sekiz ýyl dowam etjek syýahatyna başlady. “Arianespace” kompaniýasynyň başlygy Stefan Israel kosmos gämisiniň uçuşdan 27 minutdan soňra 1500 kilometr beýiklikde raketadan şowly ýagdaýda aýrylandygyny mälim etdi. “Ýupiter buzly aýlaryň açyşy” diýmegi aňladýan JUICE atly enjam Ýupiteriň Ganimed, Kallisto we Ýewropa atly ýüzünde umman bolan 3 hemrasyny öwrener. Enjam arkaly ol ýerlerde mikrobik organizmleriň bardygy ýa-da ýokdugy öwreniler.
Astronomlar köp ýyldan bäri Marsda ýaşaýşyň alamatlaryny gözleýärler. Emma astrobiologlar we kosmos giňişliginiň başga ýerinde ýaşaýşyň ähtimallylygyny öwrenýän alymlar üçin Ýupiteriň hemralary hem gyzykly bolup durýar.
Kosmos enjamynyň esasy “üns merkezinde” Ýupteriň Ganimed hemrasy bolar. Sebäbi Gün ulgamynyň iň uly hemrasy hasaplanýan bu asman jisimi Günüň orbitasynda bolan bolsady, diametri Merkuriýden has uly bolandygy üçin planeta hasaplanardy.
Şarkiýa Ibragimowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









