4-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalary, institutlary, daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu babatda Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ugry babatynda goşulyşmak maksatnamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça sebitleýin taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy hakyndaky teklibi barada aýdyldy. Taslamanyň esasy maksady sebitde söwdany giňeltmekden, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem onuň çäklerinde “Söwda syýasaty”, “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek” atly taslamalara goşulmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara we sebitleýin maliýe-ykdysady guramalarydyr institutlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň degişli taslamasyna ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.