“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda Diýarymyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de bu işi kämilleşdirmek dowam etdirilýär.
Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri babatda toplumlaýyn işler geçirilýär. Konsepsiýa üç tapgyrda amala aşyrylyp, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy döredildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen esasy dillerde we türkmen dilinde elektron sözlükler taýýarlanyldy, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, okuw kitaplary neşir edildi. Ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri boýunça bilimi bahalandyrýan halkara derejeli şahadatnamalary almak üçin ýörite taýýarlaýyş okuwlary ýola goýuldy. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.
Bu barada 24-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.