6-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi öndürilen önüm 10,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.