24-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek üçin yzygiderli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary hakynda we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýanyndaky metbugat attaşesi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet protokolynyň tejribesiniň Dessuryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara şertnamalaryň 189-synyň agzasy bolup durýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan kabul edilen konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar, teswirnamalar bar. Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagy we olaryň çäklerinde hereketleri amala aşyrmagy bilen bagly degişli işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 2019-njy ýyldaky ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda ählumumy Konwensiýasyny hem-de 1952-nji ýyldaky ösümlikleriň karantini we goragy hakynda halkara Konwensiýasyny görkezmek bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalaryň müňlerçesine gol çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletlerine we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýurdumyza ýokary derejedäki saparlarynyň çäklerinde gol çekiljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barmak teklip edilýär. Şeýle-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek baradaky teklip beýan edildi. Şundan ugur alyp, şu ýylyň fewralynda degişli meseleler boýunça pudagara iş duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň esasy wezipesiniň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny, şoňa görä, onuň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.