18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa menzillerinde döredilen döwrebap şertler Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrýar. Ulag-kommunikasiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we halkara derejedäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.