26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi.
Paryzdepeden tapylyp, ýurdumyzyň arheologlary tarapyndan rejelenen eneolit döwrüniň (daş-mis asyry) keramiki gaby uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi meşhur Änew medeniýetiniň gadymy ilatly ýeriň çäginde gülläp ösendigini subut edýär. Ýeri gelende bellesek, 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu ýerde eneolit döwründe gülläp ösen ekerançylyk medeniýetine degişli köp sanly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň daş-mis asyryna degişli medeni gatlaklarynda geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem tapyldy.
Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän “Pulhatyn” köprüsi binagärlik ýadygärliginiň golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary ýüze çykaryp biler. Seljuklar döwründe sarahsly binagärler tarapyndan gurlan “Pulhatyn” köprüsi öz zamanynda möhüm söwda-ykdysady, harby-strategik ähmiýete eýe bolupdyr. Ol türkmen binagärleriniň desgalary gurmakda ýokary ussatlyga eýe bolandygyny görkezýän ajaýyp mysallaryň biridir. Çaklamalara görä, daşdan salnan, bäş sany sütünden ybarat köpri häzirki ýagdaýyna 1896-njy ýylda geçirilen abatlaýyş işlerinden soň eýe bolupdyr.
Nusaý gadymy Parfiýa döwletiniň esasy ýadygärlikleriniň biridir. Aşgabat şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän, öz döwrüniň medeniýeti barada gymmatly maglumatlary saklaýan bu gadymy gala syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Irki döwürlerde Parfiýa patyşalygy Gadymy Rim bilen ýakyn diplomatik, söwda we medeni gatnaşyklarda bolupdyr. Arheologlar tarapyndan Gadymy Nusaý galasyndan dürli döwürlerde tapylan tapyndylaryň hatarynda ajaýyp binagärlik bezegleri bar. Açyk asmanyň astyndaky bu ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi desganyň ýokary gymmatlyga eýediginiň we dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan, ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp eserleriň nusgalarynyň daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma eýedigini şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynda açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi hem aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Kapitoliý muzeýinde eden çykyşynda Rim şäheriniň iň meşhur muzeýleriniň birinde ýaýbaňlandyrylan sergide Parfiýa medeniýetine we sungatyna degişli gymmatlyklaryň görkezilmeginiň örän uly ähmiýete eýedigini belledi.
Arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralaryna gatnaşyjylar gözlegleriň netijeleri barada durup geçip, Diýarymyzyň çäginden tapylan gymmatlyklaryň adamzat medeniýetiniň ösüş taryhynda uly ähmiýete eýe bolandygyny tassykladylar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde alnyp barlan arheologik işleriň netijeleri halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň taryhyna oňyn baha bermegine, onuň özboluşly milli medeniýeti, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmagyna, dünýäniň ylmy we medeni ösüşine bahasyz goşandyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew, Abiwerd, Sarahs, Amul, Dehistan, Şähryslam ýaly şäherler we obalar alymlaryň üns merkezinde durýar. Bu ilatly ýerleriň atlary gadymy ýazuw çeşmelerinde köp agzalýandygy üçin hem giňden bellidir.
Dabara gatnaşyjylar “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasy barada durup geçip, onuň demirgazyk Horasanyň “Mes toprakly, bol hasylly, meşhur bazarydyr metjidi bilen tanalýan şäher” adyny alan esasy merkezleriniň biri bolandygyny bellediler. Çykyş edenler möwsümleýin meýdan işleriniň dowamynda ýüze çykarylan gymmatlyklaryň tabşyrylmagynyň ýurdumyzyň çäginde medeni ösüşiň irki döwürlerine aralaşmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygary türkmen topragynyň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň baý ruhy mirasyna, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan ösüşini aýdyň şöhlelendirýär.
PDF









