5-7-nji martda Daşkent şäheriniň “Wyndham” myhmanhanasynda sebitdäki iňlis dili özgertmelerini täze basgançaga çykaran “Iňlis dili we inklýuziwlik boýunça hyzmatdaşlyk” atly sammit geçirilýär. Beýik Britaniýanyň hökümetiniň halkara ösüş (UK International Development) gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilen “Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlandyrmak” (AELLCA) maksatnamasynyň çäginde guralan bu forum iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamakda (PRESETT) dünýä derejeli tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirildi. Bu strategik çärä Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Maksatnama laýyklykda, 5-nji martda sammit öz işine başlady. Onuň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri Beýik Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersiteti bilen bilelikde amala aşyrylan “Mugallymlary taýýarlamakda inklýuziw tejribeleri ornaşdyrmak” atly taslamanyň netijelerini halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrdylar.
Maslahatyň barşynda türkmen hünärmenleri mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda (CPD) durnuklylygy üpjün etmek we bilim edaralarynda durnukly üýtgeşmeleri amala aşyrmak boýunça ýöriteleşdirilen toparlaýyn çekişmelere goşuldylar. Şeýle hem türkmen wekilleri sebitdäki gender deňligini we inklýuziwligi saklamak boýunça panele gatnaşyp, ýurdumyzda iňlis dilini okatmagyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegiň ýollaryny seljerdiler.
Mundan başga-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Nottingham Trent uniwersiteti bilen bilelikde geljekki başlangyçlar boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi. Hususan-da, olaryň hatarynda üznüksiz hünär ösüşini (CPD) giňeltmek, AELLCA maksatnamasynyň goldawy bilen PRESETT we INSETT mugallymlaryny birleşdirýän hemişelik Mugallymlar merkezini (Teachers’ Hub) döretmek, ýokary okuw mekdebimiz bilen Beýik Britaniýanyň Nottingham Trent uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde Halkara onlaýn hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki okuw (COIL – Collaborative Online International Learning) taslamalaryny, wirtual seminarlary we akademiki alyş-çalyşlary guramak, PRESETT biliminde inklýuziw okuw meýilnamasyny ösdürmek, institutyň mugallymlary üçin inklýuziw okatmagyň usullary boýunça ýörite okuwlary geçirmek ýaly ugurlary görkezmek bolar.
Çeşme: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
PDF









