Alym­la­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, Ýer ýü­zü­niň iň çuň we uly um­ma­ny bo­lan Ýu­waş um­ma­ny ki­çel­ýär. Awst­ra­li­ýa­nyň Kur­tin uni­wer­si­te­ti bi­len Hy­ta­ýyň Pe­kin uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da Ýe­riň tek­to­ni­ki pli­ta­la­ry bir­le­şip, pla­ne­ta­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny üýt­ged­ýär. Ge­çi­ri­len si­mul­ýa­si­ýa­lar­da gel­jek 200-300 mil­li­on ýy­lyň do­wa­myn­da Ýu­waş um­ma­ny ýa­py­lyp, tä­ze has uly ma­te­rik eme­le ge­ler. Bu bol­sa, pla­ne­ta­nyň gu­ry ýer bö­le­gi­niň uly bö­le­gin­den bir yk­ly­myň eme­le gel­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Alym­la­ryň bel­le­megi­ne gö­rä, pla­ne­ta­my­zyň ýü­zün­dä­ki gu­ry ýer bö­lek­le­ri uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bi­ri­gip ýa-da aý­ry­lyp bil­ýär. Mun­dan mil­li­on­lar­ça ýyl ozal uly bö­le­gi gü­nor­ta ýa­rym şar­da ýer­leş­ýän bir sa­ny ma­te­rik bo­lup­dyr. Alym­lar tä­ze eme­le gel­jek yk­ly­ma Ame­ri­ka we Azi­ýa söz­le­rin­den eme­le ge­len «Ama­zi­ýa» di­ýip at ber­di­ler.

Ys­lam HAL­DUR­DY­ÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.