Ýewropanyň TOP 5 çempionaty üçin transfer möwsüminiň soňky agşamynda onlarça futbolçy klubuny çalyşdy.
“Serie A”-da “Ýuwentus” 2 ýyldyz oýunçyny düzümine goşdy. Turinliler “Liepsigden” fransiýaly hüjümçi Loi Opendany 3,3 million ýewro töleg bilen 1 ýyllyk kärendesine düzümine goşdy. “Ýuwentus” 25 ýaşyndaky hüjümçini möwsümiň ahyrynda 40,6 million ýewro ymykly transfer edip biler. “Ýuwentus” topary “Lill” toparyndan 26 ýaşyndaky kosowoly ýarymgoragçy Edon Žegrowany 15,5 million ýewro transfer edip, onuň bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.
Soňky çempion “Napoli” topary “Mançester Ýunaýtediň” 22 ýaşyndaky daniýaly hüjümçisi Rasmus Hoýlunny 1 ýyllyk kärendesine aldy. “Napoli” iňlis toparyna kärende tölegi hökmünde 6 million ýewro berer. Möwsümiň ahyrynda bolsa “Napoliniň” Hoýlunny 44 million ýewro transfer etmäge mümkinçiligi bolar. “Napoli” “Leipsigden” ozalky oýunçysy, demirgazyk makedoniýaly Elif Elmasy hem 1 ýyllyk kärendesine düzümine goşdy.
“Milan” topary-da “Marselden” 30 ýaşyndaky ýarymgoragçy Adrien Rabiony 9 million ýewro transfer edip, onuň bilen 3 ýyllyk ylalyşyga gol çekişdi. Şeýle-de “Milan” “Bundesliganyň” wekili “Wolfsburgdan” 19 ýaşyndaky germaniýaly goragçy Dawid Odoguny 10 million ýewro transfer etdi.
“Atalanta” topary bolsa “Milanyň” amerikaly ýarymgoragçysy Ýunus Musany möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzümine goşdy. “Milan” Musanyň kärende transferinden 4 million ýewro alar.
Paýtagt Rimiň “Roma” topary “Liwerpulyň” gresiýaly çep gyraky goragçysy Kostas Simikasy 1 ýyllyk kärendesine şertnama bilen düzümine goşdy. 29 ýaşyndaky oýunçy iňlis klubunda 5 möwsüm oýnady. “Roma” bu transferden öňem “Wilýarrealdan” ýamaýkaly hüjümçi Leon Beýlini 3 million ýewro töleg bilen kärendesine alypdy.
“Inter” topary-da “Mançester Sitiden” şweýsariýaly goragçy Manuel Akanžini 1 ýyllyk kärendesine aldy. Kärende tölegi hökmünde “Inter” iňlis klubuna 2 million ýewro berer. “Inter” möwsümiň ahyrynda bolsa 15 million ýewro berip, ymykly transfer etmek hukugyna hem eýe boldy.
“Serie A”-nyň täze klublaryndan “Kremoneze” topary “Lester Siti” bilen şertnamasy tamamlanan meşhur iňlis hüjümçisi Jeými Wardini transfer etdi. 38 ýaşyndaky hüjümçi italýan topary bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Wardi “Lesterde” 13 möwsümde 500 oýunda 200 gol geçiripdi.
“Udineze” topary “Galatasaraýdan” Nikolo Zaniolony hem-de “Napoliden” Alessandro Zanolini 1 ýyllyk şertnama bilen kärendesine transfer etdi. 26 ýaşyndaky Zaniolo “Galatasaraýdan” 4-nji gezek başga bir topara kärendesine ugradyldy.
“Bolonýa” topary “Atalantadan” 22 ýaşyndaky ganaly ýarymgoragçy Ibrahim Sulemanany 1 ýyllyk kärendesine transfer etdi.