Ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo Messiden öňe geçdi

124

Belli ykdysady neşir bolan “Forbes” žurnaly täze möwsümde iň köp pul gazanjak futbolçylaryň sanawyny mälim etdi. Sanawa görä super ýyldyzlar – portugaliýaly Kristiano Ronaldo argentinaly Lionel Messiden öňe saýlanar. Ýuwentusdan Mançester Ýunaýtede geçen Ronaldo 125 million dollar bilen birinji basgançagy eýeleýär. Ol bu gazanjyň 70 millionyny aýlykdan, galanyny-da mahabat we beýleki girdejilerden alar. Ronaldodan 15 million dollar az gazanjak, geçen ýylky sanawyň birinjisi Lionel Messi 110 million dollar bilen 2-nji orna düşdi. PSŽ-li futbolçynyň umumy gazanjynyň 75 milliony aýlyk haklaryndan bolsa, galan 35 milliony beýleki girdeji çeşmelerinden bolar. Hemişe üçünji orny eýeleýän braziliýaly Neýmaryň ady bu gezek hem üýtgemedi. PSŽ-li futbolçy 95 million dollar (75+20) bilen sanawda 3-nji orny eýeledi. PSŽ-niň başga super ýyldyzy Kilian Mbappeniň 43 million dollar bilen 4-nji bolan sanawynda Liwerpulyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah 41 million dollarlyk gazanjy bilen 5-nji orunda. Polşaly Robert Lewandowski (Bawariýa) bilen ispaniýaly Andres Iniesta (Wissel Kobe) 35 million dollarlyk girdeji bilen 6-7-nji orunlary paýlaşýarlar. Olardan 1 milliony az fransiýaly Pol Pogba 8-nji bolup sanawa goşuldy. Real Madridiň ýyldyzlary uelsli Garet Beýl hem-de belgiýaly Edin Hazar degişlilikde, 32 we 29 million dollarlyk gazançlary bilen ilkinji onlugy jemleýärler.