Merkezi edarasy Taiwanda ýerleşýän “Foxconn” kompaniýasy elektron enjamlaryny we olaryň böleklerini öndürmek bilen meşgullanýar. Smartfon, kompýuter we beýleki mobil enjamlaryň söwdasyny amala aşyrýan “Apple” kompaniýasynyň “iPhone” smartfonlary hem “Foxconn”-yň zawodlarynda öndürilýär. Hiç hili önümçilik desgasynyň ýokdygyna garamazdan, “Apple” smartfon satuwynda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär, girdeji almakda bolsa, birinji orny eýeleýär. Indi bolsa, “Foxconn” awtoulag öndürijileri üçin hem önümçilik hyzmatyny ýola goýmagy teklip edýär. Kompaniýa golaýda elektroulag önümçiligine başlajakdygyny mälim edip, “MIH Open Platform Alliance” atly şertnamany aýan etdi. Bu platformanyň esasy maksady isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň tok bilen işleýän maşynlaryny “Foxconn”-yň zawodlarynda öndürmekden ybarat. Şeýlelikde, elektroulagyny işläp taýýarlan kompaniýa zawod gurmak üçin uly çykdajy etmän, öz ulaglaryny “Foxconn”-yň zawodlarynda öndürip biler. Netijede, önümçilik prosesiniň 80 göterimi “Foxconn”-a degişli bolar. Dizaýn we beýleki detallary öz içine alýan 20 göterimlik paý awtoulag kompaniýasyna degişli bolar.
“Foxconn”-yň bu teklibine eýýäm “Amazon Web Services”, “Microsoft”, “Japon Nidec”, “Murata Manufacturing”, NTT we CATL ýaly şereketler oňyn jogap berdi. “Foxconn” bu hyzmaty ýola goýmak üçin Demirgazyk Amerikada we Hytaýda zawod gurar. Täze önümçilik desgasynyň 2023-nji ýylda işe giriziljekdigi mälim edildi. Kompaniýa 2027-nji ýylda çenli global elektroulag önümçiliginiň 10 göterimlik paýyny almagy maksat edinýär.
Bilermenler “Foxconn”-yň bu başlangyjyny elektroulag bazarynyň “Google”-yna meňzedýär. “Google” kompaniýasy “Android” amaly ulgamy arkaly öz telefonlaryny öndürýän kompaniýalara amaly ulgamyny hödürlemek arkaly bu bazara berk ornaşdy. “Android” amaly ulgamy ägirt uly ekoulgam bolup, onuň bilen bäsdeşlik etjek täze ulgamy döretmek aňsat däl. “Foxconn” hem elektrokar önümçiligi babatda şeýle usuldan peýdalanmagy maksat edinýär.
Ýeri gelende aýtsak, “Foxconn”-yň Hytaýda we Taiwanda onlarça zawody bolup, “Apple”-iň elektron enjamlarynyň ählisine golaýy öndürýär. Geçen ýyl “Apple” käbir modelleriniň önümçiligini Hindistanda başga bir kompaniýanyň zawodynda ýola goýupdy.