- Ylgaw ýaryşyna gatnaşan Şamyrat başdan soňa sanalanda-da, soňdan başa sanalanda-da 7-nji boldy. Ýaryşa jemi näçe türgen gatnaşypdyr?
- Gyzylgülüň elindäki gülleriň ikisinden galany çigildem, ikisinden galany bägül we ikisinden galany çopantelpek. Gyzylgülde näçe gül bar?
- Köçäniň gyrasyna arasy üç metrden jemi 21 nahal oturdylypdyr. Şeýle ýagdaýda birinji nahal bilen soňky nahalyň aralygy näçe metr bolar?
- Öýde bäş dogan bar. Aman aýdym diňleýär, Arzuw kitap okaýar, Gözel surat çekýär, Aly küşt oýnaýar. Eýsem, körpe dogan Myrat näme işleýär?
Jogaplary:
1. 13.
2. 3.
3. 60 metr.
4. Aly bilen küşt oýnaýar.