Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň her bir gü­ni toý­dur baý­ram­la­ra, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Wa­ta­ny­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hormatly Prezidentimiziň ze­nan­la­ra pul sow­ga­dy­ny ber­me­k hem-de köp ça­ga­ly ene­le­re «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­me­gi, hor­mat­ly adyň ny­şan­la­ry­nyň, şeý­le hem köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra tä­ze öý­le­riň be­ril­me­gi giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nün­de ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­na, ge­lin-gyz­la­ry­na ýat­dan çyk­ma­jak sow­gat bol­ýar. Döw­le­ti­miz köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da aý­ra­tyn ala­da ed­ýär. Her ýyl Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň «Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady­na my­na­syp bo­lan köp ça­ga­ly ene­le­ri sar­pa­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­ýär. Köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ryň uly to­pa­ry­na ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan tä­ze öý­le­riň açar­la­ry gow­şu­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, äh­li kär­ha­na­lar­da, eda­ra­lar­da we gu­ra­ma­lar­da iş­le­ýän aýal-gyz­la­ra, pen­si­ýa, döw­let kö­mek pu­lu­ny al­ýan aýal-gyz­la­ra, önüm­çi­lik­den aý­ryl­mak şer­ti bi­len as­pi­ran­tu­ra­da, dok­to­ran­tu­ra­da we kli­ni­ki or­di­na­tu­ra­da oka­ýan aýal-gyz­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň iki okuw ýy­lyn­dan az bol­ma­dyk möh­let­li okuw­la­ry­nyň diň­leý­ji aýal-gyz­la­ry­na, ta­lyp ge­lin-gyz­la­ra, or­ta mek­dep­ler­de oka­ýan we mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­ýän gyz­la­ra pul sow­gat­la­ry­ny gow­şur­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di.
Pa­ra­sat­ly türk­men ze­nan­la­ry ta­ry­hyň is­len­dik dö­wür­le­rin­de maş­ga­la oja­gy­nyň sars­maz sü­tü­ni, edep-ter­bi­ýe, ah­lak gö­zel­li­gi­niň aja­ýyp nus­ga­sy, şeý­le hem öýü­niň nu­ry, ýa­ra­şy­gy bo­lup­dyr. Türk­men hal­ky öz ze­nan­la­ry­ny, mä­hek da­şy­na de­ňel­ýän kü­müş saç­ly ene­le­ri he­mi­şe ýo­ka­ry mer­te­be­ler­de go­ýup, ar­zy­la­ýan halk.
Türk­men ze­nan­la­ry asyr­la­ryň do­wa­myn­da ha­ly do­ka­mak, ke­çe bas­mak, keş­de­çi­lik sun­ga­ty­ny do­wam et­di­rip ge­lip­dir­ler. Ga­dy­my ro­wa­ýat­lar­da türk­men ze­nan­la­ry­nyň du­tar­da saz ça­lan­dyk­la­ry we kä­ha­lat­lar­da er­kek bag­şy­lar­dan hem ök­de çy­kan­dyk­la­ry ba­ra­da aý­dyl­ýar. Türk­menistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döw­let ge­ler bol­sa…» at­ly ki­ta­byn­da türk­men ha­ly­çy ze­nan­la­ry­nyň ze­hi­ni bi­len du­tar­da saz çal­mak sun­ga­ty­nyň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şyk in­çe­den be­ýan edil­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ze­nan­la­ry­nyň ru­hy, aň-paý­has we ah­lak müm­kin­çi­lik­le­ri dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, me­de­ni däp­le­ri go­rap sak­la­mak­da, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de bar­ha iş­jeň ula­nyl­ýar. Ze­nan­lar ba­ra­da­ky ala­da, ola­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Ma­hym MAH­TY­MO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.