Şu ýylyň 9-10-njy dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçiriler. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy baýramçylygynyň öň ýanynda geçiriljek bu foruma dürli ýurtlardan wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmen jemgyýetiniň möhüm bölegini düzýän zenanlar häzirki wagtda döwlet dolandyryşynyň dürli düzümlerinde – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işlemek, daşary syýasy işlere gatnaşmak we telekeçilik bilen meşgullanmak arkaly, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy, maşgalanyň goldanylmagy, eneligiň, çagalygyň goraglylygy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Häzirki zaman jemgyýeti uly ösüşleriň, tehnologiýalaryň, global integrasiýanyň hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň peýda bolan dünýäsi bolup durýar. Bu ösüşleriň merkezinde bolsa jemgyýetiň esasy sütünleriniň biri bolan zenanlaryň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Zenan jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeňlik görkezýän, döredijiligi, söýgüni, ruhy güýç-kuwwaty we ösüşe bolan ymtylyşy bilen jemgyýetiň kämilleşmegine hyzmat edýän güýçdür. Şeýle ýagdaý zenanlaryň häzirki döwürde diňe bir maşgala gurluşynda däl, syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşynda hem möhüm orna eýedigini görkezýär.
Häzirki döwürde gender deňligi, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda erkekler bilen deň esasda gatnaşmak baradaky düşünjeler wajyp ähmiýete eýe bolmak bilen, zenanlaryň jemgyýetdäki orny has ýokary derejä çykýar.
Ösýän ykdysadyýetlerde zenanlaryň gatnaşygynyň artmagy durnukly ösüşiň möhüm görkezijisi bolup çykyş edýär. Zenanlar häzirki wagtda döwlet edaralarynda ýolbaşçy düzümde, hususy telekeçilikde, ylym-bilim pudagynda, sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda, halkara hyzmatdaşlyk taslamalarynda işjeň gatnaşýarlar. Zenanlaryň döwlet syýasatynda, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda gatnaşygy giňelýär. Bu ösüş demokratik ýörelgeleriň berkemegine, jemgyýetçilik meseleleriniň köpöwüşginli çözülmegine şert döredýär.
Zenan jemgyýetiň ruhy binýadynda hem möhüm orny eýeleýär. Maşgala gatnaşyklarynda ene hökmünde terbiýeçi, öýüň sazlaşygyny üpjün ediji we jemgyýete peýdaly nesli ýetişdiriji hökmünde zenanyň ähmiýeti örän örän uludyr.
Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi jemgyýetiň ösüşine, durnuklylygyna hem-de medeni kämillik derejesine oňyn täsir edýär. Gender deňliginiň saklanylmagy, zenanlar üçin döredilýän şertleriň giňelmegi we olaryň jemgyýetdäki işjeňliginiň artmagy tutuş jemgyýetiň ösüşine gönükdirilen strategiýa bolup çykyş edýär.
Gurbangözel MYRADOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň Medeni usulyýet merkeziniň esasy hünärmeni.
PDF









