Kino sungatynda ýene bir ekran eseriniň prokatlardan toplan kassa ýygymy 1 milliard dollardan geçdi. 2002-nji ýylda ekranlara çykan “Disney”-iň önümi bolan “Lilo we Stiç” (Lilo & Stitch) atly animasiýanyň maý aýynyň soňky hepdesinden bäri görkezilip gelonýän janly film görnüşiniň girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Ol şu ýylky ekran eserleriniň arasynda bu görkezijä ýeten 2-nji, umumylykda-da 58-nji film boldy. Din Fleýşer Kampyň režissýorlyk eden filmi üçin 100 million dollar çykdajy edilipdi. Filmde baş keşbi Maia Kealoha ýerine ýetirýär.

Şu ýylyň dowamynda hytaý animasiýasy “Neçža 2” bu sanawa goşulypdy. Bu ekran eseriniň prokatlardan toplany 2 milliard 215 million dollardan geçipdi. 80 million dollar çykdajy edilen multfilm umumy sanawda 5-nji ýerde barýar.