1992-nji ýylda daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen BMG tarapyndan geçirilen halkara konferensiýasynda Daglary goramagyň bütindünýä gününi döretmek barada birnäçe tekliplere garaldy. 2002-nji ýyl bolsa BMG tarapyndan “Daglar ýyly” diýip yglan edildi. Şol ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 57-nji sessiýasynda kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda, her ýylyň 11-nji dekabry “Halkara daglar güni” diýip yglan edildi. BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, gury ýer böleginiň 27%-den gowragyny daglar eýeleýär. Dünýä ilatynyň 15%-e golaýy daglyk ýerlerde zähmet çekýärler. Häzirki wagtda daglyk ýerlerde işleýän adamlaryň üçden birinde azyk bolçulygyndan peýdalanmakda mesele ýüze çykýar. Halkara daglar gününiň döredilmeginiň baş maksady dünýä jemgyýetçiliginde daglarda ýerleşýän tebigy çeşmelerden netijeli, tygşytly peýdalanmaklyk, daglyk meýdanlaryň ekologik arassalygyny gorap saklamakdan ybarat. Şeýle-de bu senäniň döredilmegi netijesinde dag biodürlüligini köpeltmeklik, daglyk ýerlerde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulan. Her ýylyň 11-nji dekabry dürli maksatlary göz öňünde tutulyp, dürli mowzuklar bilen birnäçe çäreleri öz içine alýar.

                                                                                                   Şamyrat NAZAROW,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni