Hytaýyň meşhur Týanszin şäherinde gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soňra gaýtadan başlanan 597 metrlik “Goldin Finance” binasy 117 gatdan ybarat bolar. Bu binanyň gurluşygyna 2008-nji ýylda başlanypdy, soňra ol 2015-nji ýyldan bäri gazna bazarynyň çökmegi bilen doly gurlup gutarylmadyk ýagdaýda galdy. Ägirt uly taslamada myhmanhanalar, syn ediş meýdançalary, ofisler göz öňünde tutulyp, ýokarky bölegi howuzly romb şekilini emele getirer. Binany 2027-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da ýurtda şeýle ägirt uly taslamalaryň ýene biri – “Chengdu Greenland Tower” binasynyň gurluşygyna gaýtadan girişiler. Beýikligi 468 metr bolan binanyň gurluşygy 2023-nji ýylda togtadylypdy.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.