Fransiýaly ýyldyz hüjümçi Oliwie Žiru 13 ýyldan soň ýurduna dolandy. 2024-nji ýylyň tomsundan bäri ABŞ-nyň “Los Anjeles FK” toparynda çykyş edip gelýän 38 ýaşyndaky Žiru “Ligue 1”-iň “Lill” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Fransiýada “Grenobl”, “Istres”, “Turs” hem-de “Monpelie” klublarynda oýnan Žiru 2012-nji ýylda “Arsenala”, 5,5 möwsümden soňam “Çelsi” toparyna geçdi. 2021-2024-nji ýyllar aralygynda 3 möwsüm “Milanda” oýnan Žiru klublarda 753 duşuşykda 289 goly öz adyna ýazdyrdy. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň iň köp gol geçiren oýunçysy (137 oýunda 57 gol) “Monpeliede” hem-de “Milanda” çempionlyk gazandy.