
Häzirki zaman jemgyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan daşky gurşaw meselelerine ünsi çekmek üçin her ýylyň 15-nji noýabrynda dünýäniň köp ýurtlarynda Gaýtadan işlemegiň bütindünýä güni bellenilýär. Bu çäre 1997-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ABŞ-da “Galyndylary gaýtadan işlemegiň güni” atly daşky gurşaw aksiýasy bilen resmi taýdan başlandy. Kem-kemden bu sene köp ýurtda bellenip başlandy we halkara derejesine çykdy. Bu senäniň esasy maksady, zibilleri poligonlara gömmek we ýakylýan otlarda ýakmak üçin iň oňat alternatiwa bolan gaýtadan işlemegiň ähmiýetini adamlara ýetirmekdir. Bu senäniň entek ýaşlygyna garamazdan, çig malyň gaýtadan ulanylmagy XX asyryň başynda senagat taýdan ösen ýurtlarda möhüm bolup başlady. Eýýäm 1903-nji ýylda Gannowerdäki zawodda nemes senagatçysy Wiltus Geste agaç işläp bejermekden galan gabyklary gaýtadan işlemek pikirine geldi, ýylylyk geçiriş nukdaýnazaryndan koks kömüri bilen doly bäsleşdi. Şol döwürde galyndy kagyzlaryny we metal galyndylaryny ýygnamak üçin uly göwrümli aksiýalar geçirildi. Bu çeper we animasiýa filmlerinde öz beýanyny tapdy, iň meşhury pioner bolmak üçin galyndy kagyzlaryny ýygnan Çeburaşka hakyndaky multifilmdir. Senagat önümçiliginiň ösmegi we ilat tarapyndan harytlaryň sarp edilişiniň artmagy bilen senagat galyndylarynyň we hapalaryň mukdary köpelýär. Daşky gurşawa düşýän agramy azaltmak üçin galyndylary gaýtadan işlemek zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde zyýanly zyňyndylary we daşky gurşawa antropogen faktorlaryň täsirini azaltmak üçin galyndylary öndürmek we ikinji derejeli çeşmeleri gaýtadan işlemek üçin täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak zerurdyr. Gaýtadan işlemek çäkli tebigy baýlyklaryň meselelerini çözýär, arzan çig mal ulanyp taýýar önümleriň bahasy arzanladýar we daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşmäge kömek edýär. Bu göreş çärelerine galyndylar bilen işlemek üçin belli bir strategiýany döretmek, önümçilik desgalaryny az galyndy tehnologiýalaryna geçirmek we galyndylary has intensiw gaýtadan işlemäge ýa-da mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýän beýleki usullar degişlidir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik galyndylar adamlar we daşky gurşaw üçin howp bolmaly däl-de, ony gaýtadan işlemek üçin täze tehnologiýalary ösdürmäge itergi we senagat kärhanalary üçin çig mal çeşmesi bolmalydyr.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF








