“Atletiko Madridiň” angliýaly 25 ýaşyndaky ýarymgoragçysy Konor Gallaher 1,5 ýyldan soň Londona dolandy. Ozal “Çelside” oýnan Gallaher paýtagtyň başga bir kluby “Tottenham” bilen uzak möhletleýin şertnama gol çekişdi. Gallaheriň transferi üçin “Tottenham” topary “Atletiko Madride” 35 million funt sterling tölär. Gallaher ispan toparynda 77 oýunda meýdança çykyp, 7 gol geçirdi. “Çelside” karýerasyna başlan Gallaher “Çarlton”, “Swansi”, “West Bromwiç”, “Kristal Palas” ýaly klublarda hem kärendesine çykyş etdi.
PDF









