Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklaryň, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň nyşanyny alamatlandyrýan Bitaraplyk derejämizden gözbaş alyp, ýurdumyz bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda, 150-den gowrak döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 50-ä golaý iri halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin öz wezipelerini ýerine ýetirýärler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Diplomat – munuň özi döwletiň daşary işler edarasynyň, şol sanda onuň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň öz Watanynyň bähbitlerine gowy düşünýän we olara uly mertebe, çuňňur bilimlilik we içki ynamlylyk bilen üpjün etmäge ukyply resmi wezipeli adamydyr, daşary işler ministrliginiň wekilidir.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3 departamentden, 19 bölümden, şeýle hem welaýatlardaky bäş sany wekilhanadan ybarat bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleriniň 151-si bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň
41-si hereket edýär. Türkmenistanda 30 sany ilçihana, 4 sany konsullyk, daşary ýurt döwletleriniň
2 sany diplomatik wekilhanasy we halkara guramalarynyň 14 sany wekilhanasy akkreditirlenen.
Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 177-sine gatnaşyjy bolup durýar we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekde degişli işleri alyp barýar. Ýurdumyz 50 sany halkara guramasynyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk adamzadyň ösüşini we öňegidişligini üpjün etmäge, adamlaryň ýaşaýyş derejesini we maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, bütindünýä ykdysady we durmuş ösüşi üçin amatly şertleri döretmäge, adamlaryň döredijilik başarnygynyň ýokary derejede açylmagyna, olaryň esasy hukuklarynyň we erkinlikleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen «Türkmenistanyň Daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär we halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan dartgynly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we oňa esaslanan daşary syýasatynyň binýadynyň mizemezdigini, onuň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin zerur bolan şertleri goldamakda täsirli ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk hem artjakdygyny uly ynam we buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan belent wezipeleri diplomatik işgärleriniň bu jogapkärli işlerinde esasy borç hem ynam bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly ruhubelentlik hem-de döwre mahsus öwüşginde bellenilýär. Şu pursatda ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Selbi Hallyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.