Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iň gir­de­ji­li ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar me­ýil­leş­dir­ýän ýe­ri­niň te­bi­gy şert­le­ri­ni göz öňün­de tu­tup, ýy­lyň haý­sy­dyr bir möw­sü­min­de şol ýe­re ge­ze­len­je gid­ýär­ler. My­sal üçin, de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­ma­gy ha­la­ýan­lar ýaz we to­mus pas­lyn­da, şä­her­le­re ge­ze­lenç et­mek is­le­ýän­ler güýz pas­lyn­da, pol­ýar gi­je­le­ri­ni hem-de ak aýy­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­mak is­le­ýän­ler bol­sa, gyş pas­lyn­da sy­ýa­ha­ta çyk­ýar­lar. Umu­man, ýy­lyň is­len­dik möw­sü­mi hem sy­ýa­hat et­mek üçin oňaý­ly ha­sap­lan­ýar. Ýa­kyn­da «Ame­rican Express Travel» sy­ýa­hat­çy­lyk agent­li­gi 2026-njy ýyl­da sy­ýa­hat edil­me­li we hök­man ba­ryp gör­me­li ýer­le­riň sa­na­wy­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Sa­naw­da owa­dan şä­her­ler, dag ge­riş­le­ri­dir de­ňiz ke­nar­la­ry bi­len bir ha­tar­da, te­bi­gy se­ýil­gäh­ler hem bar.

Gi­ma­laý dag ge­riş­le­ri, Hin­dis­tan. Be­ýik ga­ýa­la­ryň, buz­luk­la­ryň we ýa­şyl jül­ge­le­riň mes­ge­ni bo­lan Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň Hin­dis­ta­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän bö­le­gin­de te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň bir­nä­çe­si bar. Dün­ýä­niň iň be­ýik ýol ge­çel­ge­le­ri­niň we de­mir ýol­la­ry­nyň geç­ýän ýe­ri bo­lan Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ete­gin­de hin­di däp-des­sur­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän oba­lar­dyr yba­dat­ha­na­lar ýer­leş­ýär. La­dakh şta­ty dag te­bi­ga­tyn­da dynç al­mak üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Ýur­duň meş­hur ýer­le­ri­niň arasynda
«Khangchend­zon­ga» mil­li se­ýil­gä­hi ýa­şyl te­bi­gat­da­ky as­ma ýol­la­ry, dag ge­riş­le­rin­dä­ki gar bars­la­ry, ben­gal gap­laň­la­ry we dag go­ýun­la­ry (bharal) bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar iki pa­syl­ly, ýag­ny aşak­da gül­ler açy­lyp, çeş­me­ler akyp du­ran, ýo­kar­sy gar we buz meý­dan­ça­la­ry bi­len gur­şa­lan bu se­ýil­gäh­de öz­le­ri­ni er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­lar. Gi­ma­laý dag ge­riş­le­ri­ne git­mek üçin mart we maý aý­la­ry ara­ly­gy iň amat­ly möw­süm ha­sap­lan­ýar.
Kil­lar­ni şä­he­ri, Ir­lan­di­ýa. At­lan­tik um­ma­nyn­da ýer­leş­ýän ada ýur­dy owa­dan te­bi­ga­ty we ta­ry­hy şä­her­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Meş­hur ge­ze­lenç ýo­ly bo­lan Ker­ri hal­ka­sy­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän Kil­lar­ni şä­he­ri 2026-njy ýyl­da ba­ryp gör­me­li iň owa­dan ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu şä­her te­bi­gy gö­zel­lik­le­re, daşly de­pe­le­re, göm-gök suw­ly köl­le­re we ga­dy­my ga­la­la­ra baý bo­lup, her ýyl 1 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär. Kil­lar­ni şä­he­ri­ne to­mus aý­la­ryn­da git­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Bu ýer­de ga­ýa­la­ryň ete­gin­de ge­zip ýö­ren gy­zyl ke­ýik­le­ri syn­la­mak bi­len bir ha­tar­da, Ker­ri mil­li se­ýil­gä­hi­ne ge­ze­lenç edip bol­ýar. Se­ýil­gäh­de Şa ze­nany Wik­to­ri­ýa­nyň we maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şan Mak­ross öýü­ni hem gör­mek bol­ýar.
Las-We­gas şä­he­ri, ABŞ. Ne­wa­da şta­tyn­da ýer­leş­ýän Las-We­gas şä­he­ri meş­hur myh­man­ha­na­la­ry, res­to­ran­la­ry we to­ma­şa­la­ry bi­len köp ýyl­dan bä­ri iň meş­hur ýer­le­riň bi­ri bo­lup gel­ýär. Iko­nik gö­zel­lik­le­ri, im­mer­siw to­ma­şa­la­ry we ge­ze­lenç­le­ri bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýan bu şä­her­de aş­pez­çi­lik sun­ga­ty hem ösen­dir. Şä­her­de köp san­ly lýuks söw­da dü­kan­la­ry we di­zaý­ner bu­tik­le­ri bar. Şä­her­de köp­çü­lik­le­ýin gat­naw se­riş­de­le­ri ösen bo­lup, hal­ka­la­ýyn tram­waý ýol­la­ry hem bar. Las-We­gas­da dün­ýä­niň meş­hur ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Eý­fel di­ňi­niň öý­kün­me nus­ga­sy hem ýer­leş­ýär. Las-We­ga­sa git­mek üçin ýaz we güýz aý­la­ry iň oňat möw­süm ha­sap­lan­ýar.
Mar­bel­ýa şä­he­ri, Is­pa­ni­ýa. Or­ta­ýer de­ň­zi­niň çä­ge­li ke­nar­la­ryn­dan Sýer­ra-Blan­ka dag­la­ry­na çen­li ara­ly­gy öz içi­ne al­ýan Mar­bel­ýa şä­he­ri owa­dan te­bi­ga­ty bi­len gö­ren­le­ri haýran galdyrýar. Ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň we dür­li me­de­ni­ýet­le­riň me­ka­ny bo­lan bu şä­her­de ka­şaň res­to­ran hyz­mat­la­ry hö­dür­len­ýär. Gi­je­ki dur­mu­şyň gaý­nap-joş­ýan şä­he­rin­de ba­ha­lar gym­mat bo­lup, «Pu­er­to Ba­nus Ma­ri­na» söw­da top­lu­myn­da lýuks ýah­ta­lar, ka­şaň sport aw­tou­lag­la­ry we aň­ry­baş mar­ka­lar ag­dyk­lyk ed­ýär. Ak reňk­li bi­na­lar we hoş­boý ys­ly pyrtykal agaç­la­ry Mar­bel­ýa şä­he­ri­niň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Şä­he­riň daş dü­şe­len kö­çe­le­ri gi­je­si­ne has owa­dan gö­rün­ýär.
Mar­ra­keş şä­he­ri, Ma­rok­ko. Ta­ry­hy bi­na­la­ry, köşk­le­ri we met­jit­le­ri bi­len meş­hur bo­lan Mar­ra­keş Ma­rok­ko­nyň me­de­ni paý­tagty hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­ýik di­war­la­ry we la­bi­rint ýa­ly kö­çe­le­ri bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýan bu şä­her­de dok­ma, küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri­ni we şaý-sep­le­ri hö­dür­le­ýän ýer­li ba­zar­la­ryň bir­nä­çe­si bar. Sy­ýa­hat­çy­lar üçin bu şä­her dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak we asu­da dynç al­mak üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir. Şä­he­riň meş­hur ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň bi­ri XII asyr­da gur­lan Ku­tu­bi­ýa met­ji­di we onuň Mawr mi­na­ra­sy­dyr. Şä­he­riň mer­ke­zin­dä­ki Je­maa el-Fnaa meý­dan­ça­sy he­mi­şe köp adam­ly bo­lup, bu ýer­de gi­je-gün­diz söw­da edil­ýär.
Oki­na­wa ada­la­ry, Ýa­po­ni­ýa. Gü­nüň dog­ýan ýur­du­nyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Oki­na­wa ar­hi­pe­la­gy 160 ada­dan yba­rat. Te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, tä­sin jan­dar­la­ry, ma­ýyl ho­wa­sy we baý me­de­ni mi­ra­sy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän bu ada­lar top­lu­my ýa­şyl te­bi­gat­da dynç al­mak üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir. Oki­na­wa ada­la­ryna bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar göm-gök de­ňiz­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek bi­len bir ha­tar­da, Ka­bi­ra aý­la­gy­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­rin­den lez­zet al­ýar­lar. Owa­dan aý­lag­lar, mer­jen rif­le­ri we içi göm-gök suw­ly go­wak ada­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Oki­na­wa ada­la­ry okt­ýabr, no­ýabr aý­la­ryn­da has köp adam­ly bol­ýar.
Pa­pa­ga­ýo ýa­rym ada­sy, Kos­ta-Ri­ka. Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Pa­pa­ga­ýo ýa­rym ada­sy 1400 gek­tar­lyk te­bi­gy go­rag­ha­na­nyň için­de ýer­leş­ýän ka­şaň jaý­la­ry we dynç alyş meý­dan­ça­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Guş­la­ryň we agaç­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň me­ka­ny bo­lan bu ýer­de ajaýyp te­bi­gat­da dynç al­mak bi­len bir ha­tar­da, ga­ýykly su­was­ty dün­ýä­ni ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýar. Ja­dy­ly to­ka­ýa meň­ze­ýän Pa­pa­ga­ýo ýa­rym ada­sy Kos­ta-Ri­ka­nyň Li­be­ri­ýa şä­he­riniň golaýynda ýer­leş­ýär. Ýy­lyň is­len­dik möw­sü­min­de bu ada­da dynç alyp bol­ýar.
San-Hu­an dag­la­ry, ABŞ. Ko­lo­ra­do şta­ty­nyň gü­nor­ta-gün­ba­tarynda ýer­leş­ýän San-Hu­an dag­la­ry hem 2026-njy ýyl­da sy­ýa­hat edil­me­li ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Su­rat­keş­le­riň we ly­ža­çy­la­ryň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan San-Hu­an dag­la­ry­nyň ete­gin­de ady­bir der­ýa we «Me­sa Ver­de» mil­li se­ýil­gähi bar. Üs­ti gar­ly ga­ýa­la­ryň, be­ýik dag köl­le­ri­niň we çe­men­lik­le­riň mes­ge­ni bo­lan bu ýer­de as­ma ýol­lar hem bar. Sy­ýa­hat­çy­lar dag te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­lik­le­ri­ni syn­la­mak bi­len bir ha­tar­da, San-Hu­an dag­la­ry­nyň 4 müň metr­den gow­rak be­lent­lik­le­rin­de it­li tir­keg­ler­de ge­ze­lenç edip bil­ýär­ler. Few­ral we mart aý­la­ry San-Hu­an dag­la­ryn­da ly­ža­da typ­mak üçin iň go­wy möw­süm ha­sap­lan­ýar.
Pa­na­ma si­ti, Pa­na­ma. Pa­na­ma ka­na­ly­nyň bo­ýun­da La­tyn Ame­ri­ka­syn­da­ky tä­sin şä­her­le­riň bi­ri ýer­leş­ýär. Bu şä­he­re Pa­na­ma si­ti di­ýil­ýär. Şä­her­dä­ki esa­sy aý­ra­tyn­lyk we gö­zel­lik Pa­nama ka­na­ly­nyň özi bo­lup, baş­ga ýer­de ga­bat gel­me­ýän in­že­ner­çi­lik des­ga­sy­ny ýa­kyn­dan syn­lap bol­ýar. Ýu­waş we At­lan­tik um­man­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da gur­lan Pa­na­ma ka­na­ly bas­gan­çak gör­nüş­li bir­nä­çe bent­den yba­rat bo­lup, gä­mi­le­riň bir um­man­dan beý­le­ki um­ma­na geç­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Her ýyl ka­nal­dan 12 müň gä­mi geç­ýär. Ame­ri­ka­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän Pa­na­ma si­ti köp me­de­ni­ýet­li ila­ty, sun­ga­ty, meş­hur iý­mit­le­ri we fes­ti­wal­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şä­her­de maý­myn­la­ryň, koa­la­la­ryň we beý­le­ki jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan tro­pik to­ka­ýy bo­lan Met­ro­po­li­ten se­ýil­gä­hi hem bar.
Sent-Ju­lians şä­he­ri, Mal­ta. Ki­çi­jik ada döw­le­ti­niň de­ňiz ke­na­ryn­da­ky Sent-Ju­lians ba­lyk­çy­lyk şä­he­ri ga­dy­my ta­ry­hy des­ga­la­ry we hä­zir­ki za­man bi­na­la­ry bi­len tä­sin gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Şä­he­riň dynç alyş ke­nar­la­ry Or­ta­ýer deň­zi­niň gö­zel­lik­le­ri­ni ýa­kyn­dan syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Sent-Ju­lians şä­he­rin­de Spi­no­la aý­la­gyn­da ge­ze­lenç edip, we­lo­si­ped sür­mek, ba­lyk tut­mak bi­len meş­gul­la­nyp bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lar jan­ly aý­dym-saz çy­kyş­la­ry­ny diň­läp, açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky res­to­ran­lar­da de­ňiz ke­nar­la­ry­ny syn­lap, na­har­la­nyp bil­ýär­ler. Gi­je­ki dur­mu­şyň gaý­nap-joş­ýan şä­he­ri güýz pas­lyn­da has köp adam­ly bol­ýar.