Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Tibet dünýäniň iň beýik sebitleriniň biridir. Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň bu sebitiniň üstünden täjirçilik uçarlary geçmeýär. Tibetiň esasy bölegini daglyklar we baýyrlyklar emele getirip, giň boşlukda Tibet platosy ýerleşýär. Geň tarapy, müňlerçe kilometre uzalyp gidýän bu meýdanda howa gatnawyny asla görüp bolmaýar. Eýsem, Tibetiň üstünden uçaryň geçmezligi gadaganmy ýa-da tebigy gurluş sebäplimi?!
Tibetiň geografik, howa we iş şertleri raýat awiakompaniýalary üçin uly howp döredýär. Ortaça beýikligi 4500 metre barabar bolan Tibet platosy dünýäde iň ýokarda ýerleşýän ilatly ýerleriň biridir. Bu beýiklikden ýolagçy uçarlarynyň geçmegi adatdan daşary howply ýagdaýlary döredip bilýär. Şol sebäpli howa ulaglary Tibetiň üstünden aýlanyp geçýärler.
Bu belentlikden geçmek uçaryň tehniki ýagdaýyna hem öz täsirini ýetirýär. Näçe ýokary galdygyňça howanyň dykyzlygy azalýar. Bu bolsa reaktiw hereketlendirijiniň netijeliligini peseldýär we uçuşy kynlaşdyrýar. Mundan başga-da, sebitde güýçli ýeliň bolmagy we howanyň birden üýtgemegi uçaryň aerodinamikasyna täsir edýär. Bularyň ählisi howa ulaglarynyň uçuşynda howply ýagdaýlary döredýär. Şol sebäpli howpsuzlygy we ätiýaçlandyryş çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, uçarmanlar Tibetiň üstünden geçmeýär.
Hytaýyň awtonom sebiti bolan Tibetde 3,5 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Meýdany 1,5 million inedördül kilometre barabar bolan bu sebit deňiz derejesinden 4 müň metr belentlikde ýerleşýär. Bu ýerde howanyň ortaça temperaturasy gyşyna -4, tomsuna
14 derejede saklanýar. Tibetde 126 dürli mineral bolup, bor, uran, demir, hromit, altyn, mis, kömür we nebit ýaly ýerasty baýlyklara baý. Tibetiň merkezi şäheri Lhasa bolup, «Dünýäniň üçegi, Taňrylaryň ýeri» hasaplanýar. Bu sebit asyrlaryň dowamynda dindarlaryň ýaşaýan ýeri bolupdyr. Şol sebäpli depeleriň üstünde we kert gaýalarda gurlan gadymy ybadathanalaryň birnäçesini görmek bolýar. VII asyrda gurlan Jokang ybadathanasy sebitiň iň gadymy ýerleriniň biri hasaplanýar. Sebitiň iň owadan ýeri Potala köşgi bolup, ak daşdan gurlan 13 gatly binanyň beýikligi 115 metre ýetýär. Tibete her ýyl 60 milliondan gowrak syýahatçy barýar. Hytaýyň beýikde ýerleşýän sebitine awtoulagly ýa-da otly bilen baryp bolýar. Tibetde birnäçe howa menzili bolup, esasan, içerki gatnawlar amala aşyrylýar.
PDF









