Kos­me­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän “Estée Lau­der” kom­pa­ni­ýa­sy 2,8 mil­liard dol­lar­lyk şert­na­ma bi­len “Tom Ford” mo­da bren­di­ni sa­tyn alar. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bu yla­la­şy­gyň “Estée Lau­der”-iň hä­zi­re çen­li gol çe­ken iň uly ge­le­şi­gi­di­gi bel­le­nil­di. Yla­la­şy­ga gö­rä, “Estée Lau­der” 2,3 mil­liard dol­lar tö­lär. Şeý­le hem “Tom Ford” bi­len aý­ra­tyn şert­na­ma­sy bo­lan ital­ýan äý­nek ön­dü­ri­ji şe­re­ke­ti “Marcolin SpA” 250 mil­li­on dol­lar tö­lär. Pu­luň nagt we ber­gi­le­riň be­ril­me­gi gör­nü­şin­de tö­len­jek­di­gi mä­lim edil­di. Şert­na­ma­nyň 2023-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ta­mam­lan­ma­gy ga­ra­şyl­ýar.
1946-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan “Estée Lau­der” kom­pa­ni­ýa­sy lýuks kos­me­ti­ka önüm­le­ri­ni ön­dür­ýär. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de dü­kan­la­ry bo­lan kom­pa­ni­ýa­nyň 48 müň tö­we­re­gi iş­gä­ri bar. Ita­li­ýa­nyň “Marcolin SpA” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa her ýyl­da dür­li äý­nek­le­riň mil­li­on­lar­ça­sy­ny ön­dür­ýär.

Bä­gül Ha­no­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by