Çehiýanyň çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, çempion belli boldy. Myhmançylykda “Sigma” toparynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçiren paýtagt Praganyň “Slawiýa” topary 3 möwsümlik arakesmeden soň çempionlygyny yglan etdi. Bu olaryň umumylykda 21-nji çempionlygydyr.
Çehiýada iň köp çempionlygy bolan topar Praganyň beýleki kluby “Spartadyr”. “Sparta” toparynyň 35 çempionlygy bolup, olar soňky 2 möwsümde sanawy birinji orunda tamamlapdylar.