ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty jemi içerki önüm babatda Ýaponiýadan öňe geçip, bu ugurda dünýäde dördünji ykdysadyýet boldy. Bu barada gubernator Gawin Nýýusomyň administrasiýasynyň web sahypasynda habar berildi.
Onuň sözlerine görä, 2024-nji ýylda ştatyň görkezijisi 4,1 trillion dollara barabar bolup, Ýaponiýanyň 4.02 trillion dollaryndan öňe geçipdir. Indi Kaliforniýanyň öňünde ABŞ, Hytaý we Germaniýabar. Bu barada Halkara pul gaznasynyň (HPG) soňky hasabatynda we ABŞ-nyň Ykdysady seljeriş býurosynyň statistikasynda tassyklanýar.
Kaliforniýanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, 2023-nji ýylda jemi içerki önüm 6%, 2021-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ortaça 7,5% ösüp, bu görkeziji dünýäniň ilkinji üç ykdysadyýetinden has ýokary boldy.
“Bloomberg” agentligi 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Kaliforniýanyň dünýäde dördünji uly ykdysadyýete öwrülip biljekdigini habar beripdi.