Serbiýanyň çempionaty “SuperLigada” çempion juda ir belli boldy. Sanawyň ýeňlişsiz lideri “Srwena Zwezda” topary 30-njy tapgyryň çäginde, öz meýdançasynda 3-nji orundaky OFK toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň “Srwena Zwezda” topary möwsümiň 2-nji ýerdäki “Partizan” toparyndan 23 utuk öňe saýlanyp, entek çempionlyk üçin geçirilýän pleý-off tapgyrynyň duşuşyklary başlamazdan çempionlygyny yglan etdi. Bu olaryň bassyr 8-nji, umumylykda-da 36-njy çempionlygydyr. Belgradlylar 1992-nji ýyldan bäri 16, ozalky Ýugoslawiýanyň düzüminde-de 20 gezek çempionlyk gazandy.

Serbiýanyň çempionatynda “Srwena Zwezdadan” soň iň köp çempionlyk gazanan topar olaryň köne bäsdeşi “Partizan” toparydyr. Soňky gezek 2017-nji ýylda çempionlyk gazanan “Partizan” klubunyň 27 çempionlygy bar. OFI toparynyň 5, “Woýwodina” klubunyň hem-de ilkinji 2 möwsümiň çempiony, 1945-nji ýylda ýapylan şol wagtky “Ýugoslawiýa” toparynyň hem 2 çempionlygy bar. 1923-nji ýylda geçirilip başlanan çempionatda jemi 6 topar çempionlyk gazanyp, “Obiliç” kluby bary-ýogy 1 gezek çempion bolmagy başardy (1998).