“Volkswagen” kompaniýasy bäş ýylyň dowamyndaky maýa goýum maksatnamasyny 180 milliard ýewro çykardy. Bu maýa goýumyň 70 göterimi elektroulaglary kämilleşdirmäge we öndürmäge gönükdiriler.
Ýewropanyň iň uly awtoulag öndürijisi bolan kompaniýanyň başlygy Oliwer Blum açyk maksatlary kesgitländiklerini we prosesi ýeňilleşdirmek üçin degişli kararlary kabul edendiklerini belledi.
Golaýda kompaniýa Ýewropanyň daşyndaky ilkinji batareýa zawodyny Kanadada gurmagy meýilleşdirýändiklerini mälim edipdi.
Şeýle hem kompaniýa ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda 2 milliard dollarlyk aýa goýum bilen bu ýurduň elektroulag bazaryndaky satuwyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýän “Volkswagen” elektroulag bazaryndan hem ýeterlik derejede paý almak isleýär.
Täçgül Hajynazarowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyň talyby.
PDF









