Italiýanyň Kubogy ýaryşynda “Milanyň” finaldaky garşydaşy belli boldy. Ýarym finalyň jogap oýnunda “Empolini” öz meýdançasynda 2-1 hasabynda ýeňen “Bolonýa” finala çykdy. Çekeleşikli geçen oýnuň gollaryny ýer eýelerinden Fabbian (7) bilen Dallinga (86), myhmanlardan Kowalenko (33) geçirdi.
1-nji oýunda-da 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Bolonýa” topary 51 ýyldan soň 2-nji gezek kubok ýaryşynyň finalyna çykdy. “Bolonýa” topary mundan öň kubogy 2 gezek, ýagny 1970-nji we 1974-nji ýyllarda eýeläpdi. “Bolonýa” 1970-nji ýylda-da final tapgyrynda toparçada 1-nji orunda tamamlap, kubogy alypdy. 1974-nji ýylda bolsa finalda “Palermony” penaltileriň netiejesinde ýeňipdi.
“Milan” bilen “Bolonýanyň” arasyndaky final duşuşygy 14-nji maýda Rimdäki “Olimpico” stadionynda oýnalar.