6-njy fewral – Bütindünýä mobil telefonsyz güni

174

Luk­man­çy­lyk­da jü­bi te­le­fo­ny bi­len ara­gat­na­şyk­syz gal­mak gor­ku­sy­na “no­mo­fo­bi­ýa” di­ýil­ýär. Smart­fon­la­ra çen­den aşa bag­ly­lyk nerw bo­zul­ma­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şol se­bäp­den, 2001-nji ýyl­dan baş­lap, her ýy­lyň 6-njy few­ra­lyn­da fran­suz ýa­zy­jy­sy Fil Mar­ko­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bü­tin­dün­ýä mo­bil te­le­fon­syz gü­ni ge­çi­ril­ýär.
Ga­raş­ly­ly­gyň fo­bi­ýa öw­rül­mez­li­gi üçin me­se­lä aň­sat­lyk bi­len çe­me­leş­me­li. Bir ýa-da üç gün te­le­fon­dan ýüz öwür­mek, ada­ma pa­to­lo­gik en­dik­di­gi­ne ýa-da ýok­du­gy­na dü­şün­mä­ge kö­mek ed­ýär we en­ja­myň öz dur­mu­şyn­da eýe­le­ýän or­nu­ny tä­ze­den göz­den ge­çir­ýär. Smart­fo­nyň eýe­si, nä­dip özü­niň oňa bag­ly bo­lup baş­la­ýan­dy­gy­ny köp­lenç duý­ma­ýar. Bü­tin­dün­ýä mo­bil te­le­fon­syz gü­ni adam­la­ry ki­ber­howp­suz­lyk, en­jam­la­ryň adam­la­ryň sag­ly­gy­na tä­si­ri we beý­le­ki kyn­çy­lyk­lar­dan ha­las et­mek üçin hem ge­çi­ril­ýär. Öý­jük­li te­le­fon­lar sy­ýa­sy we me­de­ni tä­ze­lik­ler­den, ak­si­ýa ha­sa­bat­la­ryn­dan, ha­ryt ba­zar­la­ryn­da­ky hyz­mat­lar­dan ha­bar­ly bol­mak üçin ula­nyl­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik bi­len gel­ýän bu tü­ke­nik­siz mag­lu­mat aky­my, adam beý­ni­si­niň sag­ly­gy­na ag­ram­ly tä­sir ed­ýär. Bi­ler­men­ler aram-aram bel­li bir wagt te­le­fon­dan wagt­la­ýyn­ça ýüz öwür­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Aý­gül HAL­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by