Angliýanyň Liga Kubogy (Carabao Cup) ýaryşynyň finalynda “Nýukasl” bilen “Liwerpul” duşuşdy. Londondaky “Wembley” stadionynda geçirilen duşuşykda Nýukasl” 2-1 hasabynda üstün çykmagy başardy. 88 513 janköýeriň tomaşa eden duşuşygynda “Nýukaslyň” gollaryny 45-nji minutda Dan Börn hem-de 52-nji minutda Aleksander Isak geçirdi. “Nýukaslyň” erjel oýnuna garşylyk görkezip bilmedik “Liwerpulyň” ýeke-täk goluny 90+4-nji minutda Federiko Kieza geçirdi.
Şunlukda, ähli ýaryşlarda “Liwerpuly” 20 ýyldan soň (17 duşuşykdan soň) ilkinji gezek ýeňen “Nýukasl” topary taryhynda ilkinji sapar Liga Kubogyna mynasyp boldy. Şol bir wagtyň özünde “Nýukasl” topary 70 ýyldan soň ilkinji gezek uly ýaryşlarda kubok gazanmagy başardy. Olar soňky gezek 1955-nji ýylda FA Kubogyny eýeläpdi. “Nýukasl” topary mundan öň Liga Kubogy ýaryşynda 2 gezek finalda utulypdy. 1975/76 möwsüminde “Mançester Sitiden” asgyn gelen “Nýukasl” 2022/23 möwsüminde-de “Mançester Ýunaýtedden” ýeňlipdi.
“Nýukasl” topary bu kubogy gazanan 24-nji klub hökmünde hasaba alyndy. Toparyň tälimçisi Eddi How Angliýada Harri Rednappdan soň kubok gazanan ilkinji iňlis tälimçisi boldy. Rednapp 2008-nji ýylda “Tottenham” bilen bu kubogy gazanypdy. Bu kubogy geçen ýyl 10-njy gezek alan (bu ugurda rekordyň eýesi) “Liwerpul” topary 5-nji sapar finalda ýeňlişe sezewar boldy.