Geçen ýylyň 5-nji iýunynda 8 günlük maksatnama bilen Halkara kosmos bekedine ugradylan amerikan astronawtlary Barri Wilmor bilen Suni Wilýams «Dragon» kapsulasy bilen yzyna getirildi. Uçuş 17 sagat töweregi dowam etdi. Olaryň ýany bilen amerikan astronawty Nik Heýg hem-de rus kosmonawty Aleksandr Gorbunow dagy Ýere geldi.
Wilmor bilen zenan astronawt Wilýams «Boeing» kompaniýasynyň işläp taýýarlan «Starliner» kapsulasy bilen kosmosa uçurylypdy. Emma ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrýan kosmos gämisinde tehniki näsazlyk ýüze çykansoň, olaryň yzyna gaýtmagy yza süýşürilipdi. 16-njy martda «SpaceX» kompaniýasynyň «Dragon» kapsulasy arkaly ýapon, rus we amerikan astronawtlaryndan ybarat ekipaž Halkara kosmos bekedine iberildi. Ekipažda amerikaly zenan astronawtlar Enn Makkleýn, Nikol Aýers, ýaponiýaly Takuýa Onişi we russiýaly Kirill Peskow bar.
Meňli ATAMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.