Awtoulag senagatynda iş alyp barýan BYD hytaý kompaniýasynyň 5 minutda zarýad alýan elektroulagyny tanyşdyrmagy bilen onuň biržadaky gymmaty görnetin artdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazar gymmaty 162 milliard dollara ýetip, «Ford», «General Motors» we «Volkswagen» ýaly iri kompaniýalaryň ählisini goşanyňdakydan ýokary boldy. BYD-niň tanyşdyran «Super e-Platfrom» tehnologiýasy adaty ulaga ýangyç guýandaky ýalyrak wagtda – bary-ýogy 5 minutda alan zarýady bilen 470 kilometr ýol geçip bilýär. Bu täzelik aýdylandan soňra kompaniýanyň Gonkong biržasyndaky paýnamalary 6 göterim ýokarlandy. Şeýlelikde, «Ford» (39,4 milliard dollar), «General Motors» (49 milliard dollar) we «Volkswagen» (66 milliard dollar) ýaly iri kompaniýalardan öňe geçdi. Hytaý brendiniň paýnamalary şu ýylyň başyndan bäri 50 göterim gymmatlady.
BYD Hytaýda çalt zarýad berýän 4 müň beket gurmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýanyň daşary ýurtlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlarynda hem önümçilik we ýygnaýjy zawodlary bar.
Ahmet AKMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.