Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine daşyň ýüzünde saklanyp galan näbelli jandaryň yzy tabşyryldy. Bu daşyň ýüzindäki yzlar diametri 8-12 mm bolan, arynyň öýjügini ýada salýar we onuň umumy tutýan meýdany130-150 sm2.
Bu daşyň ýüzündäki gadymy jandaryň yzyny Günbatar Köpetdagyň Sünt-Hasardagyň eteginde, Magtymguly şäheriň töwereginde alym ekolog Waleriý Iwanowiç Kuznesow tarapyndan tapyldy. Bu ýerde Ýokarky Mel döwrüniň (60-80 million ýyl mundan ozal), deňiz çökündileri giňden ýaýrandyr.
Türkmenistanyň çäginde bular ýaly täsin, öň görülmedik tapyndy muzeýiň ylmy işgärlerini ony ylmy taýdan öwrenmäge gyzyklanma döretdi.
Bu hili yzlary näme galdyrdyka? Tolkunlaryň interferensiýasy ýa-da deňziň düýbinden çykýan gazlaryň köpürjigi ýa-da şuňa meňzeş hadysalar dogry geometrik şekilleri deňziň ýumşak düýbünde saklanyp biler. Hakykatdan hem, geologik taryhynda olaryň saklanyp galmagy örän seýrekdir.
Bu tapyndynyň syryny açmakda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň, Paleontologiýa muzeýiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarnyň kandidaty Dmitriý Wiktorowiç Grigorýew kömek etdi.
Alym bu tapyndy barada şeýle ýazýar: “Bu tertipli ýerleşen altyburçlyklar – olaryň biologiki taýdan gelip çykandygyny subut edýär. Häzirki düşünjelere görä bular ýaly yzlary ýönekeý jandarlar goýup bilerler, olaryň arasynda gubkalar, suwotylar hatda çuňlukda ýaşaýan protistler. Bu tapynda ilkinji ony tapan alymyň hormatyna Paleodiktion Menegini ady goýulýar (Paleоdictyon Meneghini)”.
1850-nji ýylda ilkinji gezek paleontolog Juzeppe Menegini mezozoý eranyň çökündileriniň arasynda geň yzlary tapýar. Arylaryň öýjügine meňzeş altyburçlyklaryň torlary daşyň ýüzüni örtüp, yz galdyrypdyr. Häzirki wagtda bular ýaly tapyndylaryň ýüzlerçesi bellidir.
Emma 1976-njy ýylda paleodiktiona meňzeş görnüşleri Atlantik ummanynda 3,5 km çuňlykda daşa öwrülen dälde häzirki zaman döremeler tapylýar.
Bu tapylan gadymy görülmedik, ýaşap ýören jandara Paleodiktion nodosum (Paleоdictyon nodosum) adyny goýýarlar. Ony ilkinji açan we 30 ýylyň dowamynda gözleg işlerini geçiren doktor Piter Arnold Rona.
Täze, täsin tapyndy geljekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň Ýeriň ewolýusiýasyna bagyşlanan ekspozisiýasynda özüniň mynasyp ornuny tapar. Bu ýerde biziň planetamyzyň eralary, döwürleri hem-de olara degişli ýurdumyzyň çäginde tapylan daşa öwrülen gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň galyndylary görkezilýär.
Häzirki wagtda Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisýasynda we gaznasynda dürli gadymy tapyndylar saklanýar. Olaryň arasynda ýaşy 270 million ýyl bolan daşa öwrülen paporotnik agajy, mezozoý era degişli gadymy deňiz kirpiler we liliýalar, ammonitler, belemnitler, balykgulaklar we garynaýakly mollýusklar, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlary we başgalar. Kaýnozoý era degişli bir örküçli düýäniň aýak yzlary, Türkmen piliniň kelle çanagy, Hazar piliniň dişi, Günorta piliniň dişiniň syrçasy, düýeguşynyň ýumurtgasynyň gabygy we başga daşa örülen gadymy haýwanlaryň galyndylary görkezilýär. Indi bolsa muzeýe gelýän myhmanlar Türkmenistanyň çäginde tapylan täze geň we täsin tapyndyny görüp bilerler.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüm müdiriniň orunbasary.