Dünýä Ralli çempionatynda 53-nji möwsümiň çempiony iň soňky bäsleşikde belli boldy. Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen 319,44 kilometrlik ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 3 sagat 21 minut 17,3 sekuntda tamamlap, möwsümdäki ilkinji, karýerasy boýunça-da 22-nji ýeňşini baýram etdi. Toparyň fransuz sürüjisi Adrien Furma ýeňijiden 54,7 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. “Toyota Gazoo” toparynyň fransiýaly meşhur sürüjisi Sebastien Ožie ýaryşy 3 sagat 22 minut 20,6 sekuntda ýaryşy tamamlap, 3-nji orna mynasyp boldy. Bu üçünjilik 41 ýaşyndaky sürüjiniň möwsümi çempionlyk bilen tamamlamagy üçin ýeterlik bolup, ol iň soňky bäsleşikden öň sanawyň lideri, “Toyota Gazoo” toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewansdan 3 utuk yzda barýardy.

Şeýlelikde, Ožie utugyny 293-e ýetirdi we Ewansdan 4 utuk öňe geçip, karýerasy boýunça 9-njy gezek Dünýä Ralli çempionatynyň çempionlygyny gazandy. Ol mundan öň 2013–2018-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6, 2020–2021-nji ýyllarda-da bassyr 2, umumylykda 8 gezek çempionlyk gazanypdy.

Ewans bolsa ýaryşy 6-njy orunda tamamlap, ýene-de çempionlygy elden giderdi we bassyr 3-nji, soňky 6 ýylda 5-nji gezek 2-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

Ožie 9-njy çempionlygyny gazanmagyndan soň watandaşy hem atdaşy Sebastien Lýob bilen deňleşdi. Dünýä Ralli çempionatynda finlýandiýaly sürüjiler Ýuha Kankkunen bilen Tommi Makinen 4 gezek çempionlyk gazanyp, 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.