Awstraliýanyň ýaşaýjysy Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Ozal bu rekord zenanlaryň arasynda 95 ýaşynda ilkinji gezek ene bolan Marianna Wollenberge degişlidi. Agtygy Aýla dünýä inen wagtynda Çarlz Smitiň ýaşy 91 ýyl 209 güne deňdi. Smitiň ogly Eşli we gelni Hanna bu baradaky arzany ýaşuludan gizlinlikde tabşyrypdylar. Smit üçin dünýä derejesinde gazanylan bu uly üstünlik garaşylmadyk sowgat boldy. Smit resmi ykrarnama garamazdan, özi üçin esasy zadyň at däl-de, maşgalasydygyny, özüniň hem harby gullugyndan we awtosport karýerasyndan soň, 55 ýaşynda kaka bolandygyny uly buýsanç bilen belleýär. 91 ýaşy arka atandygyna garamazdan, Smit häzirki wagtda hem özüniň ýokary işjeňligini saklaýar. “Kakamda iň haýran galýan tarapym onuň özbaşdaklygy. Ol pensiýa döwründe hem durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýagny ol özüniň furgonynda Awstraliýa syýahat edýär we Morton aýlagynda gaýykda gezelenç edýär. Onuň bu uly ýaşy oňa hiç hili täsir edenok, tersine ol häzirki wagtda öňküden hem has işjeň. Durmuşa bolan garaýşy diýseň täsirli we dostlary köp” – diýip, ogly Eşli kakasynyň durmuşa bolan höwesini gürrüň berýär. Rekord eýesi Çarlz Smit maşgalada ata bilen agtygyň arasynda aýratyn baglanyşygyň bardygyny, agtygy bilen duşuşan ilkinji pursadyny “hakyky jady” diýip atlandyrandygyny, Eşli, Hanna we Aýlanyň öz durmuşyndan garaşýan zatlarynyň jemidigini gözüni begenç gözýaşlaryndan doldurmak arkaly gürrüň berýär.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.