Türk­me­nis­tan­dan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na tä­ze ho­wa gat­naw ug­ry açyl­dy. 16-njy few­ral­da, Aş­ga­bat—Jid­da ugur­la­ry bo­ýun­ça il­kin­ji uçuş ama­la aşy­ryl­dy. «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gin­de ber­len ha­ba­ra gö­rä, Aş­ga­bat­dan bu şä­he­re uçuş­lar hep­de­de iki ge­zek ama­la aşy­ry­lar.
16-njy few­ral­da paý­tag­ty­myz­dan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na «Boeing 777-200LR» ky­sym­ly ýo­lag­çy uça­ryn­da ama­la aşy­ry­lan uçuş Aş­ga­bat—Jid­da—Aş­ga­bat ug­ry bo­ýun­ça ýo­la goý­lan tä­ze ho­wa gat­na­wy­nyň ba­şy­ny baş­la­dy. Hä­zi­re çen­li bu ugur bo­ýun­ça gö­ni uçuş­lar di­ňe wa­tan­daş­la­ry­my­zyň mu­kad­des Kä­bä, Mek­ge we Me­di­ne şä­her­le­ri­ne zy­ýa­ra­ta gi­dip, haj par­zy­ny ber­jaý et­mek­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýö­ri­te Ka­ra­ry esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, her ýyl il­deş­le­ri­mi­ziň ýüz­ler­çe­si kül­li mu­sul­man dün­ýä­si­niň bu mu­kad­des kün­jek­le­ri­ne zy­ýa­ra­ta gi­dip gel­ýär­di­ler. In­di bol­sa Aş­ga­bat—Jid­da—Aş­ga­bat ho­wa gat­na­wy yzy­gi­der­li ama­la aşy­ry­lar. Mu­nuň özi um­re-haj par­zy­ny ber­jaý et­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wen wa­tan­daş­la­ry­myz üçin hem amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 15-nji few­ral­da «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy Ma­laý­zi­ýa­nyň Kua­la-Lum­pur şä­he­ri­ne il­kin­ji uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat­dan Mi­lan (Ita­li­ýa) we Ho­şi­min (Wýet­nam) şä­her­le­ri­ne hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry­ny ýo­la goý­mak bo­ýun­ça hem «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.